24.09.2019
05.10.2019

Balkan welaýat häkimligi gurluşyk işleri üçin potratçyny seçip almak boýunça tender yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 12-nji aprelindäki "Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakyndaky" Kararyna laýyklykda, welaýatyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obada gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşygyna potratçyny seçip almak boýunça Bäsleşik yglan edýär.

Lot №1 — Geňeşiň edarasy.

Lot №2 — Polisiýanyň we ýangyna garşy göreş gullugynyň edara binasy.

Lot №3 — 260 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep.

Lot №4 — 160 orunlyk çagalar bagy.

Lot №5 — 200 orunlyk medeniýet öýi.

Lot №6 — Saglyk merkezi.

Lot №7 — Oba barýan hem-de obanyň içerki ýollary, gaz, agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary.

Lot №8 — Agyz suwuny süýjediji desga.

Lot №9 — Lagym suwlaryny süzüji meýdança, lagym sorujy beket.

Lot №10 — 32 sany 1 gatly 4 otagly ýaşaýyş jaýy.

Lot №11 — Gurulýan elektrik stansiýasyndan oba barýan we obanyň içerki elektrik ulgamlary.

Lot №12 — Seýilgäh.

Lot №13 — 28 sany 1 gatly 4 otagly, 20 sany 1 gatly 3 otagly ýaşaýyş jaýy.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnanlygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryna çenli her gün sagat 9.00-dan 18.00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (800222) 2-01-15, 2-01-04, 2-00-26.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14
Bulary hem okaň
2022