03.10.2019
07.11.2019

“Türkmengaz” kompressor beketlerine serwis hyzmatlaryny bermek boýunça gaýtadan tender yglan edýär

“Türkmengaz” Döwlet konserni tender boýunça kesgitleýän toparyň adyndan “Döwletabat-2, 2A, 3”, “Bagtyýarlyk” we Galkynyş GTD kompressor beketlerine serwis hyzmatlaryny bermek boýunça halkara tenderini gaýtadan yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK binasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;
  • 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i hasaba almak bilen) töleg töläp, bäsleşige gatnaşmak üçin hasap almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bildiriş teklipli bukjalar görkezilen salga ugradylmaly.

Bellik: Tender resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdeleri geçirilenden son berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40, 40-32-75; faks (+99312) 40-32-59.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022