03.10.2019
07.11.2019

“Demirýollary” AGPJ köpri gurmak boýunça tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti köpri üçin metal aralyk diregleri, ballastsyz plitalar satyn almak, şeýle hem olary gurnama hyzmatlaryny bermek boýunça açyk halkara tenderini yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Demirýollary” AGPJ edarasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş we düzgün resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin bir lotuň bahasy 575 amerikan dollary möçberde (şeýle hem 75 amerikan dollary GBS) töleg töläp hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bellik: Ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salga ýerli wagt bilen 15.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 1106 otagda (11-nji gat) kabul edilýär.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 38-34-78; 38-32-70; faks 38-34-78.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 7
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022