02.10.2019
11.10.2019

“Hazar” konsorsiumy gerekli harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

"Türkmennebit" döwlet konserninden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken käni) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy şu aşakdaky arzalar esasynda tender yglan edýär:

Arza № 702 03.09.2019 - Dolanyryş-ölçeg enjamlary we awtomatika boýunça awtomatiki dolandyryş sistemasy üçin gurallar (16 pozisiýa).

Arza № 703 03.09.2019 - Russiýada öndürilen awtoulag serişdeleri üçin ätiýaçlyk şaýlary we ýörüte tehnika (42 pozisiýa).

Arza № 704 03.09.2019 - Awtoulag serişdeleri we ýörüte tehnika üçin awtomobil tekerleri (11 pozisiýa).

Arza № 705 03.09.2019 - Motor ýagy, antifriz, çalgy we ýuwujy serişdeleri (11 pozisiýa).

Arza № 706 03.09.2019 - Nasos-kompressor turbalary (10 000 metr) we geçirijiler (20 sany).

Arza № 707 03.09.2019 - Suw üçin nasos, howa injektory (5 pozisiýa).

Marketing pikir soraşmasyna gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 10 senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgylar boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 62 592 231; +993 61 76 54 88.

2. 109147, RF, Moskwa, Marksistaýa köçesi, 14/16-njy jaý, 1-nji bina, «Mitro International Limited» Kompaniýasynyň Moskwadaky wekilligi.

Habarlaşmak üçin telefon: + 7 495 748 32 31; faks+ 7 495 788 55 60.

Elektran salgysy: marketing@mitromos.com;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş.
Bulary hem okaň
2022