08.10.2019
31.10.2019

“Türkmenturba” material tehniki serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenturba” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti material tehniki serişdelerini satyn almak boýunça halkara tenderini yglan edýär.

Lot № 2 – Umumy, tehniki enjamlar;

Lot № 5 – Himiýa önümleri we kömekçi materiýallar.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenturba” AGPJ edara binasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Elektron salgysy: tturba@yandex.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar: 24-48-34 (faks), 24-43-51, 24-48-44, 24-48-46.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly 1
Bulary hem okaň