10.10.2019
28.10.2019

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi üpjün edijileri saýlap almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi üpjün edijileri saýlap almak boýunça halkara tender yglan edýär.

Lot № 1 - Halkara standartlaryna laýyk gelýän weterinariýa waksinalary bilen üpjün etmek.

Lot № 2 - Halkara standartlaryna laýyk gelýän iýmitlendiriji gurşawlar, himiki reaktiwler, diagnastikumlar, laboratoriýa enjamlary we reagentler bilen üpjün etmek.

Lot № 3 - Halkara standartlaryna laýyk gelýän weterinariýa waksinalary we dezinfeksiýa serişdeleri bilen üpjün etmek.

Lot № 4 - Halkara standartlaryna laýyk gelýän weterinariýa sagaldyş serişdeleri bilen üpjün etmek.

Gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny, rekwizitlerini we telefon belgilerini görkezmek bilen tendere gatnaşmak barada ýazmaça arza ýazyp tabşyrmaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden son seljerilip başlanýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde ýerli wagt bilen sagat 9.00-dan 17.00 çenli kabul edilýär.

Ähli lotlar boýunça bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 15 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon: 44-77-47.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň
2022