23.10.2019
27.11.2019

“Türkmengaz” kuwwatly turbinanyň abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça tenderini gaýtadan yglan edýär

“Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça saýlap alýan toparyň adyndan “Vectra 40G” modelli kuwwatly turbinanyň abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça halkara tenderini gaýtadan yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK binasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • Yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töleg töläp, bäsleşige gatnaşmak üçin bukja almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen 12.00 çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik resminamalaryny görkezilen salga tabşyrmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40; 40-32-50; faks (+99312) 40-32-95; tehniki soraglar boýunça: (+99312) 40-33-56.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022