22.10.2019
21.11.2019

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň köne binalar toplumynda ýerleşýän biologiýa binasynda düýpli abatlaýyş hem-de fiziologiýa binasynyň durkuny täzelemek işlerini geçirmek boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefony: 40-04-79.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň
2022