25.10.2019
07.11.2019

BMGÖM Türkmenistandaky edarasy dizaýn işlerini ýerine ýetirmek boýunça tender yglan edýär

BMG-niň ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky edarasy gyzyklanma bildirýän guramalary kompaniýanyň ugruny üýtgetmegi bilen bagly branding we dizaýn işlerini ýerine ýetirmek üçin üpjün edijileri saýlap almak boýunça tendere gatnaşmaga çagyrýar.

Teklipler 2019-njy ýylyň 7-nji noýabryna ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Kotirowkalary möhürlenen bukjada “RFQ-TKM-027-2019” predmeti görkezmek bilen görkezilen salga tabşyrmaly ýa-da elektron salga ugratmaly.

Elektron salgysy: registry.tm@undp.org;

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 21
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022