30.10.2019
29.11.2019

“Türkmenstandartlary” barlaghana enjamlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralar üçin pagta çig malynyň hil görkezijilerini synag edýän döwrebap barlaghana enjamlaryny satyn almak boýunça HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler iki sany bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.

Bäsleşik boýunça teklipler 2019-njy ýylyň 29-njy noýabryna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 95-73-45, 39-25-06.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Oguzhan köçesi 201
Bulary hem okaň
2022