19.11.2019
29.11.2019

“Hazar” konsorsiumy gerekli enjamlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

"Türkmennebit" döwlet konserninden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken käni) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy Gündogar Çeleken känindäki suw geçiriji desgalarynyň üznüksiz tehniki üpjünçiligi üçin gerekli enjamlary satyn almak boýunça şu aşakdaky arza esasynda tender uglan edýär:

Arza № 707 03.03.2019 – Suw üçin nasoslar, howa injektor (5 pozisiýa).

Tendere gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 10 senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgylar boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 62 592 231, +993 61 76 54 88.

2. 109147, RF, Moskwa, Marksistaýa köçesi, 14/16-njy jaý, 1-nji bina, «Mitro International Limited» Kompaniýasynyň Moskwadaky wekilligi.

Habarlaşmak üçin telefon: +7 495 788 55 60; faks+ 7 495 748 32 31.

Elektran salgysy: marketing@mitromos.com;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş.
Bulary hem okaň
2022