16.11.2019
30.12.2019

TNGIZT bäsleşik teklibini dolulygyna işläp düzmek boýunça tender yglan edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän Toparyň adyndan “TNGIZT-nyň öndürijiligi bir gije-gündiziň dowamynda 15 000 metr kub bolan kenarýaka sorujy beketleriň we deňiz suwuny süýjediji desganyň täze binalarynyň taslama we gurluşyk işleri” bäsleşik teklibini dolulygyna işläp düzmek boýunça HALKARA TENDER yglan edýär.

Size Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň HYG bölüminde teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin satyn alyjylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • tehniki talaplaryny almaly;
  • 1725 amerikan dollary möçberde tölegini töläp (GBS-i hasaba almak bilen), bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler bäsleşigiň yglan edilen gününden 30 iş günleriniň dowamynda ýerli wagt bilen 17.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik tekliplerini yglan edilen gününden başlap, ýokarda görkezilen salga ýetirmeli, resminamalara hasap belgisine pul serişdeleriniň geçmekliginden soňra serediler.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243 2-12-36, 9-62-33, faks: +993243 2-11-49.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň
2022