20.11.2019
25.11.2019

Daşoguz welaýat häkimligi kazyýet binalarynyň gurluşygy boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 18-nji martyndaky Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017 - 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda Akdepe, Görogly we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň kazyýetleriniň edara binalarynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 25-nji noýabryna çenli her gün sagat 9.00-dan 18.30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-03, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty
Bulary hem okaň
2022