25.11.2019
09.01.2020

Gurluşyk we binagärlik ministrligi taslama düzmek we gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň buýurmagynda:

  • welaýat merkezine barýan hem-de welaýat merkeziniň içerki ýollary;
  • welaýat merkeziniň agyz suw, suwaryş, lagym, ýagyn suwlaryny we ýapyk drenaž geçiriji ulgamlarynyň hem-de sil suwlaryny sowujy akabasy.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2020-nji ýylyň 9-njy ýanwaryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-47-26, 44-46-64, 44-47-56.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
2022