26.11.2019
16.12.2019

“Türkmenhimiýa” taslama düzmek we gurmak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda üpjün edijileri kesgitleýän toparyň adyndan Mary welaýatyndaky “Marykarbamid” zawodynyň düzüminde kuwwatlylygy ýylda 20 000 tonna bolan UF-85 karbamidformaldegid konsentratyny öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça HALKARA TENDERINIŇ möhletini uzaldýar.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • GBS-i hasaba almak bilen 1150 (bir müň bir ýüz elli) amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta alyş-çalyş bahasyndan (Türkmenistanyň wekilleri üçin) töleg töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Tender teklipli bukjalar tendere gatnaşmak üçin töleg tassyklanandan soň seljerilip başlanýar.

Tender gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 20 (ýigrimi) senenama günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-01-58; 39-01-59; faks (+99312) 39-01-72.

Elektron salgysy: Turkmendokun@mail.ru;

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022