27.11.2019
31.01.2020

“Rysgal” bank daşky audit barlagyny geçirmek boýunça tender yglan edýär

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky halkara audit kompaniýalaryny 2020-nji ýyl üçin daşky audit barlagyny geçirmek boýunça tendere gatnaşmaga çagyrýar.

Audit kompaniýalaryndan esasy talaplar:

1. Audit netijelerini bermek möhleti 2021-nji ýylyň fewral aýynyň ahyryna çenli.

2. Tendere gatnaşmak üçin audit kompaniýalary aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • kompaniýanyň ýolbaşçysynyň goly we möhüri bilen tassyklanan täjirçilik teklibi;
  • üýtgeşmeleri we goşundylary hasaba almak bilen audit kompaniýanyň esaslandyryjy resminamasynyň, şahadatnamasynyň, ygtyýarnamasynyň nusgasy, rezýume.

3. Tendere gatnaşmak üçin resminamalar 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär.

4. Audit barlagyny geçirmek boýunça nyrh gutarnykly bolup, öz içine kanun boýunça göz öňünde tutulan ähli salgytlary, ýygymlary we beýleki çykdajylary almaly.

Täjirçilik teklipleri 2020-nji ýylyň 10-njy fewralynda ýerli wagt bilen sagat 10.00 çenli seljerilýär.

Elektron salgysy: rysgal@rysgalbank.tm;

Türkmenistan, Aşgabat ş., 1946 köçesi (Ankara) 23
Bulary hem okaň
2022