07.12.2019
12.12.2019

Daşoguz welaýat häkimligi düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň çäginde ýerleşýän kitaphanalaryň, medeniýet we sungat edaralarynyň binalarynda 2019-njy ýylda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 12-nji dekabryna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-02, 9-03-14. faks: 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty
Bulary hem okaň
2022