11.12.2019
28.01.2020

Gurluşyk we binagärlik ministrligi inžener ulgamlary gurnamak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna degişli ýer böleklerini, şäheriň Büzmeýin etrabynyň Jülge ýaşaýyş toplumynyň çägindäki bag ekilen ýerleri damjalaýyn usulda suwarmak ulgamyny gurnamak, Jülge ýaşaýyş toplumynda inžener ulgamlary gurnamak üçin ýerli potratçy kärhanalary saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2020-nji ýylyň 28-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-47-26, 44-46-64, 44-47-56.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
2022