02.01.2020
16.01.2020

Senagat we kommunikasiýa ministrligi enjamlar bilen üpjün etmek boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi halkara tenderiň möhletini uzaldýar.

Lot № 1 – Aşgabat şäheriniň teleradiogeçiriji bölüminiň kompressiýa ulgamyny kämilleşdirmek üçin enjamlar bilen üpjün etmek we gurnamak.

Lot № 2 – “Orbita” bekedini kämilleşdirmek üçin enjamlar bilen üpjün etmek we gurnamak hem-de ony ätiýaçlandyrmak.

Ähli gyzyklanma bildirýän şahslar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine ýüz tutup bilerler, gatnaşmak üçin töleg - 500 amerikan dollary ýa-da şol barabarlykda manat (töleg yzyna gaýtarylmaýar).

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 10 (on) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik tekliplerine hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediler.

Bäsleşik resminamalary aýratyn iki bukjada kabul edilýär: söwda (söwda teklipli bukja diňe nyrh häsiýetnamasy girýär) we tehiki (tehniki teklipli bukja beýleki gerekli resminamalar girýär).

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-00-17/19/21.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022