08.01.2020
08.02.2020

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ enjamlar bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti telefon, internet we IPTW hyzmatlaryny bermek üçin GPON FTTH ulgamynyň gurluşyk taslamasyny enjamlar toplumlary bilen üpjün etmek, gurnamak we ulanyşa goýbermek boýunça halkara tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • 700 (ýedi ýüz) manat möçberde ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynda hereket edýän erkin çalşylýan walýutada bellige alyş ýygymyny tölemeli (bellige alyş ýygymyny tölemek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylandan soň berilýär);
  • tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Tender boýunça teklipler üç sany möhürlenen bukjalarda tabşyrmaly:

1. Gatnaşyjynyň bellige alyş (hukuk) resminamasy;

2. Taslamanyň tehniki beýany we üpjün ediljek harytlaryň häsiýetnamasy;

3. Taslaman boýunça nyrh teklibi.

Teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 senenama günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 42-08-88; faks: (+99312) 42-13-33.

Türkmenistan, Aşgabat ş., A.Nyýazow köçesi 104
Bulary hem okaň
2022