11.01.2020
21.02.2020

TNGIZT awtoulag tehnikasyny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan aşakda görkezilen lot boýunça halkara tender yglan edýär:

Lot № 4 – Awtoulag tehnikasy.

Size Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň HYG bölüminde teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin satyn alyjylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • tehniki talaplaryny almaly;
  • 575 amerikan dollary möçberde tölegini töläp bäsleşik resminamalaryny almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden 30 iş günleriniň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 17.00 çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik tekliplerini görkezilen salga eltmeli, resminamalara hasap belgisine pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Söwda tekliplerini möhürlenen iki bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnama, ikinjide bolsa hödürlenýän önümiň nyrhlaryny görkezmek bilen söwda teklipleri bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243 9-60-38, 2-03-89; faks: +993243 2-11-49.

Elektron salgysy: tngizt_dya_bolumi5@online.tm;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň