13.01.2020
27.01.2020

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün etmek boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tender boýunça saýlap alýan toparyň adyndan nasoslar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek boýunça HALKARA TENDERINIŇ möhletini uzaldýar.

Ähli gyzyklanma bildirýän tendere gatnaşmak üçin degişli ygtyýarnamasy bar bolan ýuridiki we fiziki şahslar şu aşakdakylary Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetine bäsleşik boýunça toparyna eltmeli:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, bellige alnan ýurdy we rekwizitleri;
  • töleg tölemek üçin hasap almaly;
  • her bir lot üçin 15% GBS-i hasaba almak bilen 460 (dört ýüz altmyş) amerikan dollaryny ýa-da 1610 (bir müň alty ýüz on) manat töleg töläp tender resminamalarynyň bukjasyny almaly;

Tendere gatnaşyjylary hasaba almak, hasaplary we tender resminamalarnyň bukjasyny bermek, arzalaryň kabul edilişigi 424-nji otagda 17.01.2020 ýerli wagt bilen 15.00-18-00-a çenli geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon: 44-83-90, 44-83-35.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň