14.01.2020
06.02.2020

Mary welaýat häkimligi potratçylary saýlap almak boýunça tender yglan edýär

Mary welaýat häkimligi Murgap etrabynyň Birleşik geňeşliginiň Birleşik obasynda 500 orunlyk orta mekdebiň, Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 10000 m3 lagym suw arassalaýjy desganyň, Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25000 m3 suw arassalaýjy desganyň, Oguzhan etrap merkezinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15000 m3 suw arassalaýjy desganyň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden şu maglumatlar talap edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri şu ýylyň 6-njy fewralyna çenli her gün sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 8(522) 6-06-21, 6-00-34, (faks) 6-77-13.

Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary ş.
Bulary hem okaň
2022