15.01.2020
06.02.2020

Mary welaýat häkimligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakynda” 2019-njy ýylyň 24-nji maýyndaky 1237 belgili Kararyna laýyklykda, Mary welaýat häkimligi binalaryň we inženerçilik ulgamlaryň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň Üçdepe obasynda guruljak täze, döwrebap şäherçede:

  • ýangyn howpsuzlyk bölümi;
  • geňeşligiň edara binasy;
  • 660 orunlyk mekdep;
  • 320 orunlyk çagalar bagy;
  • saglyk merkezi;
  • şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary, şeýle hem lagym suwuny süzüji meýdança;
  • şäherçä barýan we şäherçäniň içerki ýollary;
  • şäherçäniň daşarky we içerki elektrik ulgamlary;
  • tekizleýiş işleri.

Sakarçäge etrabynyň Gümgüzer geňeşliginiň Garybata obasynda guruljak täze, döwrebap şäherçede:

  • ýangyn howpsuzlyk bölümi;
  • geňeşligiň edara binasy;
  • 720 orunlyk mekdep;
  • 320 orunlyk çagalar bagy;
  • saglyk merkezi;
  • şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary, şeýle hem lagym suwuny süzüji meýdança;
  • şäherçä barýan we şäherçäniň içerki ýollary;
  • şäherçäniň daşarky we içerki elektrik ulgamlary;
  • tekizleýiş işleri.

Türkmengala etrabynyň Täze dünýä geňeşliginiň Kyrkişik obasynda guruljak täze, döwrebap şäherçede:

  • ýangyn howpsuzlyk bölümi;
  • geňeşligiň edara binasy;
  • 660 orunlyk mekdep;
  • 320 orunlyk çagalar bagy;
  • saglyk merkezi;
  • şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary, şeýle hem lagym suwuny süzüji meýdança;
  • şäherçä barýan we şäherçäniň içerki ýollary;
  • şäherçäniň daşarky we içerki elektrik ulgamlary;
  • tekizleýiş işleri.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden şu maglumatlar talap edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri şu ýylyň 6-njy fewralyna çenli her gün sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 8(522) 6-06-21, 6-00-34, (faks) 6-77-13.

Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary ş.
Bulary hem okaň
2022