15.01.2020
20.01.2020

Daşoguz welaýat häkimligi potratçylary saýlap almak boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 1 sany çagalar bagynyň, Boldumsaz etrabynda 1 sany çagalar bagynyň we 1 sany orta mekdebiň, Köneürgenç etrabynda 1 sany orta mekdebiň, Akdepe etrabynda 1 sany çagalar bagynyň, 1 sany orta mekdebiň we 1 sany Medeniýet öýüniň, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 1 sany orta mekdebiň, Görogly etrabynda 1 sany orta mekdebiň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda 1 sany orta mekdebiň, Gubadag etrabynda 1 sany çagalar bagynyň we 2 sany orta mekdebiň gurluşyklary üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 20-nji ýanwaryna çenli her gün sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-02, 9-03-14, faks 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş.
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022