21.01.2020
03.03.2020

“Halkbank” tor trafigyny dolandyrmak boýunça tender yglan edýär

“Halkbank” döwlet täjirçilik banky halkara standartlaryna laýyk gelýän tor trafigyny dolandyrmak we gözden geçirmek boýunça enjamlar we programma üpjünçiligi bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli ygtyýarnamasy we halkara derejesindäki iri kompaniýalar bilen kompýuter we sanly tehnologiýa pudagynda, bank ulgamynda iş tejribesi bolan, şeýle hem, halkara standartlaryna laýyk gelýän kiberhowpsuzlyk üpjünçiligi boýunça beriljek hyzmatyň hiline kepil geçip biljek ýuridik we fiziki şahslar çagyrylýar.

Bäsleşik tekliplerini ýapyk bukjada bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda tabşyrmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (99312) 44-48-71, 44-48-74.

Türkmenistan, Aşgabat ş., A.Nyýazow şaýoly 154
Bulary hem okaň
2022