22.01.2020
04.03.2020

Senagat we kommunikasiýa ministrligi zawod sehleriniň düýpli abatlaýyş işleri boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi Bäherden we Balkan sement zawodlaryndaky sehleriň düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tender yglan edýär.

Ähli gyzyklanma bildirýän şahslar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine ýüz tutup bilerler, gatnaşmak üçin töleg - 500 amerikan dollary ýa-da şol barabarlykda manat (töleg yzyna gaýtarylmaýar).

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik tekliplerine hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediler.

Bäsleşik resminamalary aýratyn iki bukjada kabul edilýär: söwda (söwda teklipli bukja diňe nyrh häsiýetnamasy girýär) we tehiki (tehniki teklipli bukja beýleki gerekli resminamalar girýär).

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-00-17/19/21.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022