23.01.2020
05.03.2020

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi derman serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Lot № 1 - Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Bejeriş-öňüni alyş edaralary hem-de Harby bölümleriniň lukmançylyk nokatlary üçin derman serişdelerini satyn almak.

Lot № 2 – “Lukmançylyk enjamlary” önümçilik birleşigi üçin saglygy goraýyş maksatly hem-de sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilen soň 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon: 40-04-79.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022