29.01.2020
01.02.2020

Daşoguz welaýat häkimligi potratçylary saýlap almak boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatyň Gubadag etrabynyň Gubadag şäherinde, Akdepe etrabynyň Akdepe şäherinde, Boldumsaz etrabynyň Boldumsaz şäherinde, Görogly etrabynyň Görogly şäherinde, Bereket geňeşliginiň Çarbagly obasynda we Ýagtylyk geňeşliginiň Boýunbaş obasynda howa elektrik geçirijileriniň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 1-nji fewralyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022