10.02.2020
23.03.2020

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi zyýankeşlere garşy serişdeleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tender boýunça saýlap alýan toparyň adyndan ösümlikleri goramak maksatly serişdeleri satyn almak üçin aşakdaky lotlar boýunça tender yglan edýär:

Lot № 1 - Bugdaý tohumyny taýýarlamak üçin serişdeler – däne ammarlaryndaky zyýankeşlere garşy serişdeler (Fostaksin).

Lot № 2 - Gowaça zyýankeşlerine garşy insektisidler – gowaça defolianty.

Lot № 4 - Köpýyllyk haşal otlara garşy gerbisidler.

Gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny, rekwizitlerini we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalygy barada maglumatlary görkezmek bilen tendere gatnaşmak barada ýazmaça arza ýazyp tabşyrmaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden son seljerilip başlanýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde ýerli wagt bilen sagat 9.00-dan 17.00 çenli kabul edilýär.

Ähli lotlar boýunça bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 44-75-51.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň
2022