14.02.2020
27.03.2020

“Türkmenstandartlary” synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralara synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar.

Lot №1 — Ýangyjyň hil görkezijilerini kesgitlemek üçin niýetlenen barlaghana enjamlary.

Lot №2 — Balkan welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugyna gaz hasaplaýjy enjamlary barlaýan nusgalyk synag ölçeg enjamy.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bukjada berilmeli. Onda synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 95-73-49, 95-73-45.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Oguzhan köçesi 201
Bulary hem okaň
2022