17.02.2020
30.03.2020

“Türkmennebit” enjamlar bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär

“Türkmennebit” döwlet konserni tender boýunça saýlap almak toparyň adyndan Uzynada ýatagyndaky kondensaty separirleýji, taýýarlaýjy we ýygnaýjy desgasynyň taslamasyny düzmek, enjamlar bilen üpjün etmek, gurnamak we ulanyşa goýbermäge ýardam bermek boýunça № 316 açyk tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 1725 amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-35-55 (tehniki soraglar üçin), 40-39-39 (faks).

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022