19.02.2020
17.03.2020

Medeniýet ministrligi düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň binalarynda we onuň daş-töwereginde, şeýle hem Döwlet muzeýiniň binalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 17-nji martyna, her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-00-08, 44-00-32, 44-00-39.

Türkmenstan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Bulary hem okaň
2022