22.02.2020
20.03.2020

Dokma senagaty ministrligi spanleýs önümçiligini ornaşdyrmak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabadyň panbarhat fabrigiň çäginde dokalmaýan matanyň (spanleýs) önümçiligini ornaşdyrmak boýunça öň yglan edilen HALKARA BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan, ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;
  • bäsleşik geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • tehniki tabşyrygy almaly;
  • getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin degişli tölegi, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli. Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 20-nji martyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-71-77, 40-71-57.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bulary hem okaň
2022