25.02.2020
07.04.2020

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawody gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 3 000 000 inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 100 000 sany sanfaýans önümlerini öndürýän zawody gurmak boýunça HALKARA BÄSLEŞIGI yglan edýär.

Ähli gyzyklanma bildiren taraplar ministrlige ýüz tutup bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin töleg 500 amerikan dollary (bu töleg yzyna gaýtarylmaga degişli däl).

Bäsleşige hödürlenen teklipler 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Hödürlenen tekliplere bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tölenenden soňra seredilýär.

Bäsleşik resminamalary iki bukjada kabul edilýär, birinjide - täjirçilik teklibi, ikinjide - tehniki teklip we beýleki zerur bolan resminamalar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-00-33/17/19/21.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022