25.02.2020
07.04.2020

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Bäherden sement zawodynyň 2-nji tapgyryny gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň ýyllyk kuwwatlylygy 1 000 000 tonna sement öndürýän 2-nji tapgyryny gurmak boýunça HALKARA BÄSLEŞIGI yglan edýär.

Ähli gyzyklanma bildiren taraplar ministrlige ýüz tutup bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin töleg 500 amerikan dollary (bu töleg yzyna gaýtarylmaga degişli däl).

Bäsleşige hödürlenen teklipler 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Hödürlenen tekliplere bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tölenenden soňra seredilýär.

Bäsleşik resminamalary iki bukjada kabul edilýär, birinjide - täjirçilik teklibi, ikinjide - tehniki teklip we beýleki zerur bolan resminamalar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-00-33/17/19/21.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022