28.02.2020
10.04.2020

“Türkmengaz” önümçilik desgasynyň taslamasyny düzmek boýunça tenderi gaýtadan yglan edýär

“Türkmengaz” Döwlet konserni tender boýunça kesgitleýän toparyň adyndan Balkan welaýatyndaky “Metildietanolamin önümçilik desgasynyň” taslamasyny düzmek we dolulygyna gurmak boýunça kwalifikasion saýlama baradaky halkara tenderini gaýtadan yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin “Türkmengaz” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly.

Kwalifikasion resminamalar bellenilen möhletde görkezilen salga möhürlenen bukjada tabşyrmaly.

Kwalifikasion resminamalar bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, 30-njy güni ýerli wagt bilen sagat 18.00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40, 40-32-50, faks: (+99312) 40-32-54.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022