05.03.2020
17.04.2020

Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda, Aşgabat şäherinde beýikligi 300 metr bolan binanyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2020-nji ýylyň 17-nji apreline çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-47-26, 44-46-64, 44-47-56.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
2022