27.03.2020
01.04.2020

Daşoguz welaýat häkimligi elektrik geçirijileri bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň M.Hojamämmedow adyndaky geňeşliginiň Tomman we Guýulyk obalarynyň howa elektrik geçirijileriniň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 1-nji apreline, her gün sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-02, 9-03-14, faks 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş.
Bulary hem okaň
2022