11.04.2020
27.05.2020

Gurluşyk we binagärlik ministrligi IT merkezleriniň binalarynyň gurluşygy boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň buýurmagynda HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär:

  • Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty üçin bir bitewi IT (maglumat tehnologiýalar merkezi) merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça;
  • Balkan welaýaty üçin IT merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça;
  • Daşoguz welaýaty üçin IT merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça;
  • Lebap welaýaty üçin IT merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça;
  • Mary welaýaty üçin IT merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2020-nji ýylyň 27-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-47-26, 44-46-64, 44-47-56.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
2022