16.04.2020
28.05.2020

“Türkmenstandartlary” barlaghana enjamlar toplumlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralarda daşary ýurtlardan getirilýän ýeňil we ýük awtoulaglarynyň, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny synag edýän barlaghana enjamlar toplumlaryny we stendleri satyn almak boýunça HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler iki sany bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.

Bäsleşik boýunça teklipler “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň binasynda 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 95-72-96, 95-73-45, faks: (+99312) 95-72-98.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Oguz han köçesi 201
Bulary hem okaň
2022