16.04.2020
01.06.2020

“Türkmengaz” kabel önümlerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmengaz” döwlet konserni material tehniki serişdelerini satyn almak boýunça

№ T/GAZ-022

tender yglan edýär.

Lot № 1 – Turbalar we metal önümleri.

Lot № 2 – Umumy enjamlar.

Lot № 3 – Dolandyryş-ölçeg abzallar, elektrotehniki enjamlar we kabel önümleri.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK edarasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • Lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • Yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler ýerli wagt bilen 2020-nji ýylyň 1nji iýunynda ýerli wagt bilen sagat 12.00 çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40- 37-45 (faks), 40-37-39,40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.

Elektron salgysy: turkmengaz@online.tm;

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56
Bulary hem okaň