28.04.2020
09.06.2020

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ultrases barlag enjamyny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Lot №1 - Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi üçin lukmançylyk serişdelerini satyn almak.

Lot № 2 - Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 3-nji saglyk öýi üçin ultrases barlag enjamyny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefony: 40-04-79.

Türkmenistan, Aşgabat şäheri‚ Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň
2022