30.04.2020
01.05.2020

Daşoguz welaýat häkimligi düýpli abatlaýyş-gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde ýerine ýetiriljek düýpli abatlaýyş-gurluşyk işleri üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 1-nji maýyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-03, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş.
Bulary hem okaň
2022