16.05.2020
27.06.2020

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Lot №1 - “Lukmançylyk enjamlary” önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 2 - Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Agaýusup geňeşliginiň Şöhrat şäherçe merkezindäki hassahana üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 3 - Türkmenistanyň Baş prokuraturasy üçin barlaghana reaktiwlerini hemde sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefony: 40-04-79.

Türkmenistan, Aşgabat şäheri‚ Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022