05.06.2020
17.07.2020

“Türkmenstandartlary” barlaghana enjamlaryny satyn almak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralar üçin daşary ýurtlardan getirilýän ýeňil we ýük awtoulaglarynyň, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny, synag edýän barlaghana enjamlar toplumlaryny we stendleri satyn almak boýunça öň yglan edilen HALKARA BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we degişli resminamalary almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler iki sany bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda “Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 95-72-96, 95-73-45, faks: (+99312) 95-72-98.

Türkmenistan, Aşgabat, Oguzhan köçesi, 201
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022