16.06.2020
28.07.2020

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi gerekli harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Lot № 1 – Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy üçin himiki reaktiwleri, sanjym, iýmitlendiriji, anyklaýyş we dürli serişdeleri satyn almak.

Lot № 2 – Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak..

Lot № 3 – Derman serişdelerini hasaba alyş we olaryň hiline döwlet gözegçiligi merkezi üçin barlaghana enjamlaryny hem-de serişdeleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefony: 40-04-79.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň
2022