01.07.2020
12.08.2020

“Demirýollary” demirýoluň üstki gurluşyk materiallaryny satyn almak boýunça tenderi gaýtadan yglan edýar

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti demirýoluň üstki gurluşygy üçin materiallary satyn almak boýunça

№ DÝ/AGPJ-007

açyk halkara tenderini gaýtadan yglan edýar.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Demirýollary” AGPJ edarasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş we düzgün resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin 575 amerikan dollary möçberde (şeýle hem 75 amerikan dollary GBS) töleg töläp hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salga ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 1106, 1110 otaglarda (11-nji gat) kabul edilýär.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 38-31-04; 39-05-05; faks: 38-31-04.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 7
Bulary hem okaň
2022