13.07.2020
03.08.2020

“Türkmengaz” turba içi diagnostika bermek boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

“Türkmengaz” Döwlet konserni tender boýunça kesgitleýän toparyň adyndan gaz geçirijilerine turba içi diagnostika bermek üçin potratçy saýlamak boýunça halkara tenderiniň möhletini uzaldýar.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK edara binasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • GBS-i hasaba almak bilen 1725 amerikan dollary möçberde töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 2020-nji ýylyň 3-nji awgustyna ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Tender teklipli bukjalary görkezilen salga eltmeli.

Bellik: tender resminamalarynyň doly bukjasy tender tölegi geçirilenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40; 40-31-22, faks: (+99312) 40-32-54.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56
Bulary hem okaň
2022