15.07.2020
25.07.2020

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy desgalary goramak hyzmatyny boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasyndaky desgalary goramak hyzmatyny bermek boýunça

№. CIT-20053-SR

tender yglan edýär.

Tender taslamasy aşakdaky hyzmatlary öz içine alýar:

  • desgalaryň gije-gündiz howpsuzlygyny üpjün etmek;
  • garawullar üçin ulag (ýangyjy hem goşmak bilen) bilen üpjün etmek;
  • garawullar üçin şahsy gorag enjamlary bilen üpjün etmek;
  • garawullar üçin meýdan nahary bilen üpjün etmek;
  • arassaçylyk, kir ýuwmak, agyz suwy we ş.m. ýaly hojalyk hyzmatlary bilen üpjün etmek;
  • ýaşamak üçin ýer – bina. Taraplaryň borçlary barada jikme-jik maglumat tender hatynda (ITB) görkeziler;
  • hyzmatlar ýerine ýetirende ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmak.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky görkezilen maglumatlary we resminamalary taýynlap tendere gatnaşyp biler:

  • tendere gatnaşmak barada arza;
  • kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, bellige alnan ýurdy we rekwizitleri görkezilen gysgaça maglumat;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda meňzeş hyzmatlary bermek boýunça iş tejribesi;
  • ýerli kompaniýalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýändigi baradaky bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmaly.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan.

Elektron salgysy: narine.simonyan@cnpcag.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 44-54-34, faks: +993 12 44-50-44.

Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022